Pakistan Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi

Pakistan, şu ýyl Hindistana degişli 9-njy uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi

1445067
Pakistan Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi

 

Pakistanyň harby goşuny, iki ýurduň serhedindäki gözegçilik zolagyna giren Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagyny urup düşürdi.

Pakistanyň harby goşunynyň metbugat geňeşçisi Babar Iftikhar, Twitterden beren beýanatynda, Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagynyň serhet ýakasyndaky gözegçilik zolagynyň Pakistan tarapynda 850 metre çenli girendigini aýtdy.

Iftikhar, “Hindistana degişli uçarmansyz howa ulagy esgerlerimiz tarapyndan urup düşürildi”diýdi

Iftikhar Pakistanyň harby goşuny tarapyndan şu ýyl Hindistana degişli 9-njy uçarmansyz howa ulagynyň urlup düşürlendigini ýatlatdy.



Degişli Habarlar