Talibanyň Owganystandaky hüjümleri dowam edýär

Owganystanda Talibanlylar bilen Howpsuzlyk güýçleriniň arasynda ýüze çykan ýaragly çaknyşykda 10 howpsuzlyk gullukçysy ýogaldy

1444913
Talibanyň Owganystandaky hüjümleri dowam edýär

Kunduz welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat sekretary Esmatullah Muradi, Talibanly başbozarlaryň Ymam Sahip etrabynyň Bahmal Koça diýilen ýerinde ýerleşýän harby birikmä hüjüm guramagyndan soň, ýaragly çaknyşygyň başlandygyny habar berdi. 

Ýaragly çaknyşykda 5 howpsuzlyk gullukçysynyň we 4 terrorçynyň ölendigini aýdan Muradi, 1 howpsuzlyk gulllukçysynyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 

 

Içeri işler ministrligi Talibana agza terrorçylaryň ýurdyň Gor welaýatynyň Sagar etrabynda guran ýaragly hüjüminde bolsa 3 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny beýan etdi.

Beýanatda hüjümden soň bolan ýaragly çaknyşykda 14 başbozaryň öldürilendigi, 15-siniň bolsa ýaralanandygy mälim edildi. 

 

Uruzgan welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçusu Zilgeý Ibadi bolsa Talibana agza terrorçylaryň, Uruzgan welaýatynyň merkezine guran ýaragly we bombaly hüjüminde 2 howpsuzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny, 7 howpsuzlyk gullukçysynyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Ibadi hüjümden soň bolan çaknyşykda 2 terrorçynyň öldürilendigini, 5-siniň bolsa ýaralanandygyny habar berdi. 

Taliban tarapyndan bolsa hüjümler bilen baglanşykly beýanat berilmedi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar