Talibanyň guran hüjüminde 5 çaga ýogaldy

Owganystanyň Host welaýatynda, öýleriň birine minomýot bilen guralan hüjümde 5 çaga ýogaldy

1444451
Talibanyň guran hüjüminde 5 çaga ýogaldy

Host welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Talib Mengel metbugata beren beýanatynda, Host welaýatynyň Damende etrabynda Taliban tarapyndan atylan minomýodyň okunyň öýleriň birine degendigini habar berdi. 

Talib Mengel hüjümde 5 çaganyň ýogalandygyny, 4 adamyň bolsa ýaralanandygyny mälim etdi. 


Etiketkalar: #çaga , #hüjüm , #Taliban , #Host

Degişli Habarlar