Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýäde wirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 5 million 475 müň 35 adama ýetdi

1444752
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany günsaýyn artýar

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýä derejesinde 501 müň 650 adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 10 million 101 müň 988 adama, wirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 5 million 475 müň 35 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli dünýäde iň köp adam ýogalan ABŞ-da şu günki güne çenli 128 müň 152 adam ýogaldy. Ýurtda wirus ýokan adamlaryň sany 2 million 596 müň 770-e ýetdi. Wise-prezident Maýk Pens, Kovid-19-a ýolugýan adamlaryň sanynyň tiz depginler bilen artýan ýurdyň Florida we Arizona ştatlaryna gurajak saparyny yza süýşürdi. 

Epidemiýanyň dünýäde iň köp zyýan ýetiren 2-nji ýurdy bolan Braziliýada, wirus sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 1109 adam ýogaldy. Ýurtda wirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 57 müň 103-e ýetdi. 

Meksikada soňky 24 sagatda Kovid-19 sebäpli ýene-de 602 adam ýogalyp, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 26 müň 381 adama ýetdi. Ýurtda Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 4 müň 410 adam artyp, 212 müň 802 adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 100 adam artyp, 43 müň 514 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 890 adam artyp 310 müň 250 adama ýetdi. 

Italiýada epidemiýa sebäpli ýene-de 8 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda adam ýitgisi 34 müň 716 adama ýetdi. Ýurtda aktiw waka sany 802 adam azalyp, 16 müň 836 adama çenli azaldy. Italiýada soňky 24 sagatda ýene-de 175 adam wirus ýokdy. 

Fransiýada Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli 29 müň 788 adam ýogaldy, 162 müň 936 adam bolsa wirusa ýolukdy. 

Ispaniýada epidemiýa sebäpli şu günki güne çenli 28 müň 341 adam ýogaldy. Ýurtda wirus ýokan adamlaryň sany 295 müň 549-a ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Belgiýada 9 müň 732, Peruda 9 müň 135, Germaniýada 9 müň 26, Kanadada 8 müň 516, Gollandiýada 6 müň 105, Çilide 5 müň 347, Şwesiýada 5 müň 280, Ekwadorda 4 mň 424, Kolumbiýada 2 müň 939, Argentinada 1 müň 207 adam. 



Degişli Habarlar