Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 500 müň adama ýetdi

Dünýäde wirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 5 million 420 müň adama ýetdi

1444561
Dünýäde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 500 müň adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýä derejesinde 500 müň adama ýetdi. Dünýäde wirusa ýoluganlaryň sany 10 milliona, wirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 5 million 420 müň adama ýetdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 100 adam artyp, 43 müň 514 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 890 adam artyp 310 müň 250 adama ýetdi. 

Italiýada epidemiýa sebäpli ýene-de 8 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda adam ýitgisi 34 müň 716 adama ýetdi. Ýurtda aktiw waka sany 802 adam azalyp, 16 müň 836 adama çenli azaldy. Italiýada soňky 24 sagatda ýene-de 175 adam wirus ýokdy. 



Degişli Habarlar