Tähranda näbelli sebäplerden partlama boldy

Eýranyň paýtagty Tähranda sebäbi belli bolmadyk partlama boldy

1443812
Tähranda näbelli sebäplerden partlama boldy

Ýarym resmi habarlar gullugy “Tesnimiň” döwlet resmilerine salgylanýan habarynda partlamanyň harby zonada bolmandygy, Eýranyň Goranmak ministrligine degişli edaralardan biriniň golaýyndaky gaz ammarynda bolandygy mälim edildi.

Adam pidasynyň bolmandygy habar berilen waka hakynda resmi ýolbaşçylar tarapyndan giňişleýin beýannama beriljekdigi aýdylýar.

Tähranyň Adatdan daşary ýagdaýlar edarasyndan berilen beýannamada bolsa partlamadan soň özlerine haýsydyr bir tiz kömek talabynyň bildirilmändigi nygtaldy.

Eýranyň döwlet teleýaýlymynda berilen ýazgyly habarda: “Käbir ýerli çeşmeler Tähranyň gündogarynda uly ýagtylygyň görülendigini habar berýär. Ýagtylygyň partlama sesinden soň görülendigi bellenilýär. Resmi edaralar heniz beýannama bermedi” diýildi.

Tähranyň häkiminiň orunbasary Ryza Guderzi partlama bilen bagly derňew işiniň başlandygyny beýan edipdi.


Etiketkalar: #partlama , #Tähran , #Eýran

Degişli Habarlar