"Türkiýä minnetdarlyk bildirýäris"

Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz es-Serraj Italiýanyň meşhur gazetleriniň biri bolan Le Repablika makala ýazdy

1439441
"Türkiýä minnetdarlyk bildirýäris"

Liwiýanyň Premýer ministri Faýiz es-Serraj, ýurtlarynda diktatorlyga rugsat bermejekdiklerini we berýän goldawy sebäpli Türkiýä çuňňur minnetdarlyk bildirýändiklerini habar berdi. 

Serraj, Italiýanyň meşhur gazetleriniň biri bolan Le Repablika ýazan makalasynda, Liwiýada totalitar häkimiýetiň we aksiýalaryň hasabyny bermeýän bir diktatorlyk emele getirmegi maksat edinýän bir şahsyýetiň günälerine esaslanýan bir söweşiň bardygyny belledi. 

Huntaçy general Halife Hafteriň zalymlygyny dogry görkezmek üçin ýalan habarlaryň ýaýradylýandygyny aýdan Serraj, ÝB we BMG ýaly guramalara ýüzlenip: "Hökümetimiz asla ýolundan dänmez we Liwiýada diktatorlygyň ýüze çykmagyna rugsat bermez. Şu gün Ýewropanyň halklarynyň we ÝB-niň bu maksatlarymyzyň durmuşa geçirmegimiz üçin bize goldaw bermeklerini isleýärin. BMG-nyň Liwiýalylary birleşdirmäge we syýasy bir çözgüt üçin edýän tagallalarymyza häzirki wagta çenli eden kömeklerini mundan soň hem dowam etdirmegini isleýärin" diýip nygtady. 

ABŞ, Beýik Britaniýa, Italiýa, Türkiýe we Alžir ýaly ýurtlara 2019-njy ýylyň dekabr aýynda howpsyzlyk ylalaşyklaryny durmuşa geçirmek üçin talap bildirendiklerini aýdan Serraj: "BMG-nyň Hafteriň hüjümleriniň öňüni almak üçin konkret häsýetde hiç hili çäre görmändigi üçin özümizi goramak hukugymyzy ulanýarys" diýdi. 

Bu ýerde Türkiýäniň özlerine berýän goldawynyň üstünde aýratyn durup geçen Serraj: "Hüjümlere garşy anyk çäreler görmek babatynda bize nusga bolan Türkiýä, hökümetimiziň güýçli takdyryny we çuňňur minnetdarlygyny bildirmek isleýärin. Liwiýa iň kyn günlerinde ýanynda bolan ýurtlary ýatdan çykarmaz" diýip habar berdi. 



Degişli Habarlar