Hindi we hytaýly güýçleriň arasynda bolan çaknyşykda 20 hindi esgeri ýogaldy

Soňky 45 ýylda iki ýurduň arasynda iň güýçli çaknyşyk boldy

1437522
Hindi we hytaýly güýçleriň arasynda bolan çaknyşykda 20 hindi esgeri ýogaldy

 

Hindistanyň demirgazyk gündogarynda hytaýly esgerler bilen bolan çaknyşykda 20 hindi esgeri ýogaldy.

“ANI” habarlar gullugy, Galwan wadisinde dartgynlygyň gowşamagy üçin tagalla edilýän günlerde, hindi we hytaýly güýçleriň arasynda uly çaknyşygyň bolandygyny habar berdi.

Hökümete ýakyn çeşmelere esaslanylan habara görä, çaknyşykda 1 ofiser bilen birlikde 20 hindi esgeri ýogaldy. Bu soňky 45 ýylda iki ýurduň arasynda bolan iň güýçli çaknyşyk boldy.

Habarda, çaknyykda hytaýly 43 esgeriň ýogalandygy ýada agyr ýaralanandygy öňe sürüldi.

Hindistanyň Hytaý serhedinde ýerleşýän Ladakh welaýatynda özygtyýarlyk sebäpli 2017-nji ýylda başlan dartgynlyk dowam edýär.



Degişli Habarlar