Demirgazyk Koreýa aragatnaşyk ofisiniň jaýyny partlatdy

Demirgazyk Koreýanyň, Koreýalaryň arasyndaky aragatnaşyk ofisiniň jaýyny partladandygy habar berildi

1436917
Demirgazyk Koreýa aragatnaşyk ofisiniň jaýyny partlatdy

Koreýa Respublikasynyň Birleşme ministrligi partladylan jaýyň Demirgazyk Koreýanyň serhetýaka şäheri Kisongda ýerleşýändigini beýan etdi.

Resmi Phenýan ozalam Koreýa Respublikasyndaky aktiwistleriň Demirgazyk Koreýa broşýura ugratmagy sebäpli iki ýurduň arasynda möwjän dartgynlykdan soň resmi Seulyň bilelikdäki aragatnaşyk ofisini ýapjakdygyny beýan edipdi.

Käbir hünärmenler Demirgazyk Koreýanyň resmi Seulyň ABŞ-nyň öňbaşçylyk edýän sanksiýalary sebäpli bilelikdäki ykdysady taslamalary bes etmegine bolan reaksiýasyny başgaça ýollardan görkezýäňdigini beýan edýärler.

Demirgazyk Koreýanyň harby goşunlary Koreýa Respublikasy bilen artýan dartgynlykdan soň Esgerlerden saplanan zolaga dolanyp geljekdigini hem beýan edipdi.



Degişli Habarlar