Italiýanyň Daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Italiýanyň Daşary işler we Halkara hyzmatdaşlyk ministri Luigi Di Maio, 17-nji iýunda çarşenbe güni Türkiýä sapar gurar

1436355
Italiýanyň Daşary işler ministri Türkiýä sapar gurar

Daşary işler ministrliginden berilen ýazmaça beýanatda, Di Maionyň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň çakylygyna laýyklykda 17-nji iýunda Türkiýä 2-nji gezek sapar gurajakdygy mälim edildi. 

Beýanatda: "Duşuşykda Türkiýe-Italiýa gatnaşyklary we ÝB-e agzalyk etaby ara alynyp maslahatlaşylar. Koronawirus epidemiýasyna garşy göreş bilen sebitleýin we halkara meseleler barada pikir alyşylar" diýip habar berildi. 



Degişli Habarlar