Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 428 müň 360 adamdan geçdi

Sagalanlaryň sany 3 million 967 müň adamdan geçdi

1435091
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 428 müň 360 adamdan geçdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 428 müň 360, wirusa ýoluganlaryň sany 7 million 742 müň, sagalanlaryň sany 3 million 967 müň adamdan geçdi.

Hytaýda koronawirus epidemiýa sebäpli 4 müň 634 adam ýogaldy. Ýurtda koronawirusa garşy çäre görülmeginden syň 197 milliondan gowrak okuwçy üçin dersler başlady.

Yrakda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 39 adam artyp 496 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 17 müň 770 adama ýetdi.

Günorta Afrika Respublikasynda wirus sebäpli 1284 adam ýogaldy. Hasaba alynan 58 müň 568 keselliden 33 müň 252-si sagaldy.

Afrikada koronawirus sebäpli jemi 6 müň 80 adam ýogaldy, 227 müň adam hem hasaba alyndy.

Günorta Afrikada, Müsürde, Nigeriýada, Alžirde we Kamerunda wirusa ýoluganlaryň sany köp.

Nobaty bilen Müsür, Günorta Afrika, Alžir, Sudan, Nigeriýa, Kamerun we Marokko materikde epidemiýa sebäpli iň köp ýitgi çeken ýurtlar boldy.

Saud Arabystanynda epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda 36 adam ýogaldy. 1 günde wirusa ýoluganlaryň sany 3 müň 921 adam arty. Ýurtda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 893, hasaba alynanlaryň sany bolsa 119 müň 942 adama ýetdi.

Kovid-19 sebäpli Birleşen Arap Emirliklerinde 287, Marokkoda 212, Omanda 96, Katarda 70, Bahreýnde 36, Liwiýada 5 adam ýogaldy.

 

 



Degişli Habarlar