Merkel bilen Sinping wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi

Iki lider özara gatnaşyklar bilen birlikde halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy

1434698
Merkel bilen Sinping wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi

 

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen Hytaýyň döwlet Başlygy Şi Sinping wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi.

Nemes hökümetiniň metbugat geňeşçisi Steffen Seibert tarapyndan berlen ýazmaça beýanata görä, Federal Kansler Merkel, Hytaýyň döwlet Başlygy Sinping bilen wideoaragatnaşyk arkaly gepleşik geçirdi.

Wideoaragatnaşyga Germaniýanyň Ykdysadyýet we energetika ministri Peter Altmaier hem gatnaşdy.

Iki lider özara gatnaşyklar bilen birlikde halkara meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Merkel bilen Sinping täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreşde hyzmatdaşlyk we adam hukuklary barada hem pikir alyşdy.

Gepleşigiň öňüsyrasynda iki ýurduň arasynda 3 şertnama baglaşyldy.



Degişli Habarlar