Kovid-19 sebäpli dünýäde ýogalanlaryň sany 416 müň 503 adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 3 million 710 müňe ýetdi

1433593
Kovid-19 sebäpli dünýäde ýogalanlaryň sany 416 müň 503 adamdan geçdi

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 416 müň 503 adamdan geçdi. Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 7 million 400 müňe, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 3 million 710 müňe ýetdi. 

Yrakda soňky 24 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýene-de 34 adam ýogaldy, 1 müň 146 adama bolsa koronawirusyň ýokandygy anyklandy. Ýurtda şeýlelik bilen ýurtda adam ýitgisi 426-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 15 müň 414 adama ýetdi. 

Russiýada koronawirus sebäpli ýogalýan adamlaryň sanynyň şu günki güne çenli beýan edilen görkezijilerden köpdügi ýüze çykdy. Moskwada maý aýynda Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 5 müň 260-dygy mälim edildi. Berilen beýanatlara laýyklykda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 9 müň 723 adamdygy habar berildi. Russiýanyň metbugatynda berilen käbir habarlarda bolsa ýurdyň beýleki sebitlerinde täze usul bilen hasaplanan halatynda jemi ýogalan adamlaryň sanynyň ozal beýan edilen görkezijilerden has köp boljakdygy bellendi. 


Etiketkalar: #epidemiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar