Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 3 million 789 müň 200 adama ýetdi

1433937
Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 419 müň 260 adamdan geçdi. Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 7 million 471 müň 198 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 3 million 789 müň 200 adama ýetdi. 

Dünýä derejesinde koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 416 müň 503 adamdan geçdi. Dünýäde koronawirus ýokanlaryň sany 7 million 400 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 3 million 710 müň adama ýetdi. 

115 müň 137 müň adamyň ýogalan, epidemiýanyň güýç merkezi bolan ABŞ-da, 25-nji maýda Jorj Floýdyň polisiýa işgäriniň eden-etdiligi netijesinde ýogalmagyndan soň başlan, rasizme garşy protestler sebäpli wirusa ýoluganlaryň sanynyň artandygy habar berildi. Ýurtda koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 2 milliondan geçdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada adam ýitgisi soňky 1 günde 245-lik artyş bilen, jemi 41 müň 128 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 3 adamlyk artyş bilen, jemi 290 müň 143 adama ýetdi. 

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 71 adam artyp, jemi 34 müň 114 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa soňky 24 sagatda 202 adam artyp, jemi 235 müň 763 adama ýetdi. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 23 adamyň ýogalmagy bilen 29 müň 319 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 545 adamlyk artyş bilen jemi 192 müň 541 adama ýetdi. 

Ispaniýanyň Saglygy goraýyş ministrligi soňky 72 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýurtda adam ýitgisiniň bolmandygyny belläp, ýurtda Kovid-19 sebäpli şu günki güne çenli ýogalanlaryň sanynyň 27 müň 136 adamdygyny habar berdi. Ispaniýada wirusa ýoluganlaryň sany 167 adam artyp jemi 242 müň 280 adama ýetdi. 

Portugaliýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 5 adam ýogalyp, ýurtda koronawirus sebäpli adam ýitgisi 1 müň 497-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 294 adam artyp, jemi 35 müň 600-e ýetdi. 

Kanadada soňky 48 sagatda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 145 adamlyk artyş bilen, 7 müň 960-a ýetdi, wirus ýokanlaryň sany bolsa 1 müň 766 adamlyk artyş bilen 98 müň 228 adama ýetdi. Beýleki tarapdan ýurdyň Britaniýa Kolumbiýasy ştatynda Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýapylan ýerler ýaňadandan açylmaga başlandy. Ştatyň hökümetinden berilen beýanatda, telewideniýe pudagynyň wekilleri, kesgitlenen protokollara laýyklykda işlerine ýaňadandan başlap biljekdikleri habar berildi. 

Meksikada 2 bäbek, 2 hepde dowam eden bejergilerine garamazdan, Kovid-19 sebäpli ýogaldy. 15 ýaşyndan kiçi 152 çaganyň Kovid-19 ýokan ýurtda koronawirus sebäpli 14 müň 649 adam ýogaldy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 124 müň 301 adamdygy aýan edildi. 

Braziliýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 39 müň 797 adama ýetdi. 

Kovid-19 sebäpli käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Belgiýada 9 müň 629 adam, Germaniýada 8 müň 844 adam, Peruda 5 müň 903 adam, Çilide 2 müň 475 adam.



Degişli Habarlar