Jorj Floýd şu gün jaýlanar

Jorj Floýdyň doglan ýeri Günorta Korolaýnada geçirlen iki jaýlama dabarasyndan soň üçünji dabara Teksasda geçirildi

1432137
Jorj Floýd şu gün jaýlanar

 

ABŞ-da polisiýa işgäri tarapyndan öldürlen Afroamerikan Jorj Floýdyň doglan ýeri Günorta Korolaýnada geçirlen iki jaýlama dabarasyndan soň üçünji dabara Teksasda geçirildi.

Düýn irden Hýustona alnyp gidilen Jorj Floýdyň tabydy Fountain of Praise buthanasynda 6 sagat zyýarata açyldy.

Floýdy görmek we onuň bilen hoşlaşmak isleýän müňlerçe adam buhtananyň öňünde nobata durdy.

Halka açyk jaýlama dabarasyna Teksasyň gubernatory Abbott hem gatnaşdy, gubernator Floýdyň tabynyň öňünde hormatly dymyşlyk etdi.

Jorj Floýd şu gün dogduk diýary Hýustonaky Memorial Gardens gonamylygynda ejesi Larseniýa Floýdyň ýanyna jaýlanar.

Beýleki tarapdan Jorj Floýdy göz astyna alýarka onuň bogulyp öldürilmegine sebäp bolan polisiýa işgäri Derek Şowiniň kazyýet diňlenşigi başlady.

44 ýaşyndaky ozalky polisiýa işgäri Şowin kazyýet diňlenşigine Minnesotadaky tussaghanadan wideoaragatnaşyk arkaly gatnaşdy.

Şowiniň kazyýet diňlenşigi 29-njy iýuna süýşürildi.

 



Degişli Habarlar