Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 3 million 561 müň 802 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany dünýä derejesinde 409 müň 381 adamdan geçdi

1432609
Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 3 million 561 müň 802 adama ýetdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany dünýä derejesinde 409 müň 381 adamdan geçdi. Dünýäde koronawirusa ýoluganlaryň sany 7 million 230 müň 907 adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 3 million 561 müň 802 adama ýetdi. 

ABŞ koronawirus epidemiýasy sebäpli dünýäde adam ýitgisini iň köp çeken we wirusa ýoluganlaryň sany boýunça iň köp görekzijä eýe bolan ýurt ýagdaýynda. Ýurtda epidemiýa sebäpli 113 müň 106 adam ýogaldy, 2 million 26 müň 869 adamda bolsa koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Italiýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 65 adam artyp, 33 müň 964 adama ýetdi. Ülkede Kovid-19-a ýoluganlaryň sany soňky 24 sagatda 280 adam artyp, jemi 235 müň 278 adama ýetendigi beýan edildi. 

Fransiýada epidemiýa sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 54 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda adam ýitgisi 29 müň 209-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 211 adamlyk artyş bilen 191 müň 593 adama ýetdi. 

Ispaniýada Kovid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda adam ýitgisiniň çekilmändigi habar berildi. Ýurtda epidemiýa sebäpli şu günki güne çenli 27 müň 136 adamyň ýogalandygy, hepdelik ölüm derejesiniň 56 bolandygy aýan edildi. Ispaniýada wirusa ýoluganlaryň sany ýene-de 48 adam artyp, jemi 241 müň 717 adama ýetendigi mälim edildi. Adatdan daşary ýagdaýyň 21-nji iýuna çenli uzaldylan Ispaniýada, Merkezi bank 2020-nji ýylyň ahyrynda ykdysady peselişiň 15,1 göterime, işsizlik derejäniň bolsa 23,6 göterime çenli çykyp biljekdigini habar berdi. 

Portugaliýada Kovid-19-dan ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 6 adamyň artmagy bilen ýurtda adam ýitgisi 1485-e, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 192 adamlyk artyş bilen 34 müň 885-e ýetendigi beýan edildi. 

Peruda koronawirus epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 106 adamyň ýogalmagy bilen ýurtda Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 5 müň 571 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 müň 181 adam artyp, 199 müň 696 adama ýetdi. 

37 müň 312 adamyň ýogalan Braziliýada, ýurdyň aşa sagjy Döwlet baştutany Jeir Bolsonaronyň liderligindäki hökümetiň epidemiýa garşy göreşde üstünlik gazanyp bilmeýändigi baradaky tankydy bellikler artýar. 

Meksikada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 354 adam artyp, 14 müň 53 adama ýetdi, ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 2 müň 999 adamlyk artyş bilen 120 müň 102-ä ýetdi. 

1 müň 308 adamyň ýogalan Kolumbiýada bolsa wirusa ýoluganlaryň sany 40 müň adamdan geçdi. 

Kovid-19 sebäpli käbir ýurtlardaky adam ýitgileri şular ýaly: Britaniýa 40 müň 597 adam, Belgiýada 9 müň 606 adam, Germaniýada 8 müň 792 adam, Kanadada 7 müň 835 adam we Çilide 2 müň 264 adam.


Etiketkalar: #saglyk , #koronawirus , #dünýä

Degişli Habarlar