“Eýranyň ABŞ bilen eden tussag çalşygyna Şweýsariýa töwellaçy boldy”

Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Seýýid Abbas Musawi ABŞ bilen edilen tussag çalşygynda Şweýsariýanyň töwellaçy bolandygyny aýtdy

1431240
“Eýranyň ABŞ bilen eden tussag çalşygyna Şweýsariýa töwellaçy boldy”

Musawi döwlet teleýaýlymynda beren beýannamasynda: “ABŞ raýatlarymyzdan birnäçesini “sanksiýalary bozandyklary” bahanasy bilen bikanun görnüşde zamun alypdy. Tussag çalşygynda gepleşikleriň geçirilmegini Şweýsariýa öz üstüne aldy. Eýran bilen ABŞ-nyň arasynda gönüden gepleşik geçirilmedi” diýdi.

Resmi Tähranyň amerikaly ýolbaşçylara ynanmaýandygyny aýdan Musawy, resmi Waşington bilen gönüden gepleşikler hakynda: “ABŞ toba eder, ýadro ylalaşygyna dolanar we Eýranyň halkynyň sanksiýalar sebäpli çeken ýitgileriniň öwezini dolsa, 5+1 ýurtlarynyň hataryndaky ornuny eýelär” diýdi.

Musawi ýurdunyň resmi gazeti “Eýrana” beren beýannamasynda Eýranyň Daşary işler ministri Muhammed Jawad Zarif bilen ABŞ-nyň ozalky Nýu-Mehiko ştatynyň gubernatory Bill Ryçardsonyň birnäçe aý ozal tussaglaryň çalşygy üçin duşuşandykaryny beýan edipdi.



Degişli Habarlar