Waşingtona ornaşdyrlan esgerler harby bazalaryna çekilýär

Şäher häkimi Bowser, Ak Tama tarap gidýän 16-njy köçäniň ortasyna, uly harplar bilen “Garaýagyzlaryň ýaşaýşy möhüm” diýip ýazdyrdy.

1430520
Waşingtona ornaşdyrlan esgerler harby bazalaryna çekilýär
abd askeri washington.jpg
donald trump.jpg
abd siyahlarin hayati onemli yazisi.jpg

 

ABŞ-da göz tussaglygyna alynýarka polisiýa işgäri tarapyndan Jorj Floýdyň öldürilmegiden soň başlan protest ýörişleri sebäpli paýtagt Waşingtona ornaşdyrlan esgerler harby bazalaryna çekilýär.

Goranmak ministrligi Pentagon, paýtagt Waşingtonyň golaýyna ornaşdyrlan 900 esgerleriň we howpsyzlyk güýçleriniň yza çekilmegi we harby bazalaryna dolanmaklary üçin görkezme berdi.

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, Ak Tamda beren beýanatynda, ýurduň birnäçe şäherinde geçirilýän protest ýörişlerine ünsi çekdi

Gubernatorlara ýüzlenen Tramp “Milli goragçylary wezipä çagyryp bilersiňiz. Munyň üçin maňa telefon etmekden çekinmäň. Edil Minneapolis şäherinde edişimiz ýaly has çalt işe girişip bileris. Minneapolisde uly üstünlik gazandyk” diýdi.

Tramp, Afroamerikanlar bilen arabaglanşykly durmuşa geçirilýän işler hakynda “Garaýagyzlar üçin hiç him meniň ýaly uly işleri durmuşa geçirmedi” diýdi.

Tramp “Jorj Floýd bizi ýokardan görýändir we ýurdumyzda uly wakalaryň başdan geçirilýändigini aýdýandyr. Şu gün onuň üçin we hemmeler üçin iň gowy gün. Şu gün deň-hukuklylyk taýdan iň gowy gün” diýdi.

Beýleki tarapdan Waşingtonyň şäher häkimi Bowser, Ak Tama tarap gidýän 16-njy köçäniň ortasyna, uly harplar bilen “Garaýagyzlaryň ýaşaýşy möhüm” diýip ýazdyrdy. Bowser köçäniň Ak Tama ýakyn çatrygyna “Garaýagyzlaryň ýaşaýşy möhüm meýdany” adynyň dakylandygyny aýtdy.

Minnesota ştatynda 25-nji maýda başdan geçirlen wakada, Afroamerikan Jorj Floýd göz astyna alynanýarka “dem alyp bilmeýärin” diýip ýalwarandygyna garamazdan polisiýa işgäriniň dyzy bilen boýguna basmagy sebäpli ýogalypdy.

Wakanyň yzy ýanyndan başlan we şol günden bäri ABŞ-nyň çar tarapynda geçirilýän protest ýörişlerinde dartgynly pursatlar başdan geçirilýär.



Degişli Habarlar