Hindistanda soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 851 adam artyp 227 müň 273 adama ýetdi

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 393 müň 850 adamdan geçdi

1430394
Hindistanda soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 851 adam artyp 227 müň 273 adama ýetdi

 

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany dünýäde 393 müň 850, wirusa ýoluganlaryň sany 6 million 740 müň 700, wirusy ýeňenleriň sany hem 3 million 274 müň 790 adamdan geçdi.

Wirus sebäpli häzirki wagta çenli 273 raýatyny ýitiren Koreýa Respublikasynda soňky 24 sagatda esasy bölegi paýtagt Seulda ýene-de 39 adam hasaba alyndy. Ýurtda koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 11 müň 629 adama ýetdi.

Koronawirusyň ilkinji hasaba alynan ýeri bolan Hytaýda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 634, hasaba alynanlaryň sany hem 83 müň 27 adama ýetdi.

Koronawirus sebäpli käbir ýurtlarda çekilen adam pidalary şeýle: Eýranda 8 müň 71, Russiýada 5 müň 834, Pakistanda 1,839, Bangladeşde 781, Saud Arabystanynda 611 we Katarda 45 adam.

Epidemiýa sebäpli Hindistanda ýogalanlaryň sany 6 müň 367 adama ýetdi. Ýurtda soňky 24 sagatda wirusa ýoluganlaryň sany 9 müň 851 adam artyp 227 müň 273 adama ýetdi.

Iýerusalymdaky musulmanlar Kovid-19 epidemiýasy sebäpli ýapylan Aksa metjidinde 2,5 aý soň ilkinji gezek Juma namazyny okady.

Indoneziýada hem gündelik durmuş ýuwaş-ýuwaşdan kadalaşmaga başlady. Epidemiýa sebäpli ýapylan iş ýerleriniň açylmagyna rugsat berildi.



Degişli Habarlar