Kerkukda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy

Premýer ministr Mustafa Al Kazymy DAIŞ-e garşy operasiýalaryň başlamagyndan soň iş sapary Kerkuga bardy

1428076
Kerkukda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy

Yragyň Premýer ministri Mustafa Al Kazyminiň görkezmesi boýunça Kerkuk welaýatynyň günorta günbatarynda terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýa başladyldy.

Mesele hakynda metbugata beýanat beren hökümetiň metbugat geňeşçisi Ýahýa Rasul “Premýer ministriň tabşyrygy boýunça Kerkugyň günorta günbatarynda DAIŞ-e garşy “Yragyň gahrymanlary” ady bilen operasiýa başladyldy” diýdi.

Kerkuk operasiýa güýçleriniň serkerdesi Saad Harbiýe hem operasiýada 13 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirlendigini belledi.

Terrorçylaryň Kerkugyň günortasynda ýerleşýän Çaý jülgesinde öldürlendigini aýdan Harbiýe, Yragyň ýaragly güýçleri, Haşdi Şaby we Kerkuk operasiýa güýçleri tarapyndan başladylan operasiýanyň 3 gün dowam etjekdigini nygtady.

Operasiýalara ABŞ-nyň öňbaşçylygyndaky koalisiýa güýçleri hem howadan goldaw berýär.

Beýleki tarapdan Premýer ministr Mustafa Al Kazymy terror guramasy DAIŞ-e garşy operasiýalaryň başlamagyndan soň iş sapary Kerkuga bardy.

Kazymy şeýlelikde Premýer ministr hökmünde ilkinji saparyny hem Kerkuga gurady.



Degişli Habarlar