Russiýa Trampyň G7 çakylygyna jogap berdi

Kreml, Trampa jogap berilmeden ozal teklibiň jikme-jikliginiň bilinmeginiň gerekdigini belledi

1427382
Russiýa Trampyň G7 çakylygyna jogap berdi

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň, G7 Liderler maslahatyna Russiýanynyň hem çagyrylmalydygy baradaky beýanatyna jogap hökmünde Russiýa tarapyndan berilen beýanatda, Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň dialogy goldaýandygy mälim edildi. 

Kreml, Trampa jogap berilmeden ozal teklibiň jikme-jikliginiň bilinmeginiň gerekdigini belledi. 

Ady agzalan beýanat, ABŞ-nyň Prezidenti Donald Trampyň G7-ä agza ýurtlaryň miladynyň dolandygyny aýtmagyndan soň berildi. 

Tramp: "G7-ä agza ýurtlar dünýäde bolanlary doly ýagdaýda wekilçilik etmeýändigini pikir edýärin" diýip nygtady we topara Russiýanyň, Hindistanyň, Günorta Koreýanyň wee Awstraliýanyň goşulmagyny isleýändiklerini habar berdi. 

G7 Lider maslahaty ozal bolsa Kanada, Fransiýa, Germaniýa, Italiýa, Ýaponiýa, Britaniýa we ABŞ-nyň gatnaşmagynda geçirilýärdi. 


Etiketkalar: #Russiýa , #Donald Tramp

Degişli Habarlar