Talibanyň Owganystanda guran ýaragly hüjüminde 14 esger ýogaldy

üjümden soň bolan çaknyşykda Talibanyň hem uly ýitgi çekendigi ýatladyldy

1425597
Talibanyň Owganystanda guran ýaragly hüjüminde 14 esger ýogaldy

 

Taliban tarapyndan Owganystanyň Paktiýa welaýatynda gümrük geçelgesindäki gözegçilik merkezine guralan ýaragly hüjümde 14 esger ýogaldy.

Owganystanyň Goranmak ministrligi, başbozarlaryň Paktiýanyň Dandi Patan etrabynda ýerleşýän gümrük geçelgesindäki gözegçilik merkezine ýaragly hüjüm gurandygyny habar berdi.

Owganystanyň Goranmak ministrliginden berlen beýanatda hüjümde 14 esgeriň ýogalandygy, 3 esgeriň ýaralanandygy nygtaldy.

Hüjümden soň bolan çaknyşykda Talibanyň hem uly ýitgi çekendigi ýatladyldy.

Talibandan mesele barada heniz hiç hili beýanat berilmedi.



Degişli Habarlar