Eýranda howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda bolan çaknyşykda 3 esger ýogaldy

Yrak serhedinde bolan çaknyşykda köp sanly terrorçynyň hem öldürlendigi nygtaldy.

1425552
Eýranda howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda bolan çaknyşykda 3 esger ýogaldy

Eýranyň demirgazyk günbatarynda howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda bolan çaknyşykda 3 esger ýogaldy

Eýranyň resmi IRNA habarlar gullugynyň berýän habaryna görä, Günbatar Azerbaýjan welaýatynyň Serdeş şäherinde Eýranyň howpsyzlyk güýçleri bilen ýaragly toparyň arasynda bolan çaknyşykda 3 esger ýogaldy.

Yrak serhedinde bolan çaknyşykda köp sanly terrorçynyň hem öldürlendigi nygtaldy.

Habarda ady agzalýan ýaragly topar hakynda maglumat berilmedi emma ozal Eýranyň howpsyzlyk güýçleri bilen ekstremist terror guramasy PKK-nyň Eýrandaky bölegi PEŽAK-yň arasynda çaknyşyklar bolupdy.

 



Degişli Habarlar