Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 5 million 925 müň adamdan geçdi

Dünýäde koronawirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany 2 million 593 müň adamdan geçdi

1425649
Dünýäde Kovid-19-a ýoluganlaryň sany 5 million 925 müň adamdan geçdi

Täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 362 müň 500 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 5 million 925 müň adamdan, koronawirusa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşan adamlaryň sany bolsa 2 million 593 müň adamdan geçdi. 

103 müň 300-den gowrak adam ýitgisi bilen epidemiýanyň dünýädäki güýç merkezi bolan ABŞ-da, wirusyň iň köp zyýan ýetiren ýeri bolan Nýu-Ýorkda, şäheriň häkimi Bill De Blasio öňümizdäki aýyň 1-nji ýa-da 2-nji hepdesinde 1-nji tapgyr boýunça açylmaga taýarlanýandyklaryny habar berdi. Bu etapda önümçilik, gurluşyk, lomaýlaýyn we bölekleýin satuwlaryň başlajakdygyny aýdan De Blasio, 200 müň bilen 400 müň işgäriň öz ozalky iş ýerlerine gaýdyp barmagyna garaşýandyklaryny mälim etdi. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany ýene-de 377 adam artyp, 37 müň 837 adama ýetdi. Ýurtda epidemiýanyň çäginde görülen çäreleriň gowşadylmagynyň çäginde 1-nji iýundan başlap, sosial araçäk düzgünlerine boýun bolmak şerti bilen daşarda bir ýerde 6 adama çenli duşuşmaga rugsat beriljekdigi habar berildi. Premýer ministri Boris Jonson gündelik metbugat ýygnagynda şol gün çagalar bagynyň açyljakdygyny, 1-nji synp bilen 6-njy synp aralygyndaky çagalaryň mekdeplere gaýdyp barjakdygyny, 15-nji iýundan başlap bolsa orta mekdepleriň dolulygyna açyljakdygyny aýan etdi. 

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 70 adam artyp, 33 müň 142 adama ýetdi. Ýene-de 593 adamyň wirusa ýolukmagy bilen bolsa ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany 231 müň 732 adama ýetdi. 

Fransiýada Kovid-19 sebäpli soňky 24 sagatda hassahanalarda ýene-de 66 adam ýogaldy, şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 28 müň 662 adama ýetdi. Wirusa ýolugandygy anyklananlaryň sany bolsa 3 müň 325 adamlyk artyş bilen, 223 müň 473 adama ýetdi. Premýer ministri Eduard Filipp, 2-nji iýunda ýurtdaky howuz, sport we teatr zallaryň, kafeleriň, barlaryň we restoranlaryň ýaňadandan açyljakdygyny, öýüň 100 km alysyna çenli girizilen syýahatçylyk gadagançylygynyň ortadan aýryljakdygyny beýan etdi. Ýurdyň Bilim ministri Žan-Mişel Blanker bolsa ýurtdaky ähli mekdepleriň 2-nji iýundan başlap tapgyrlaýyn häsýetde açyljakdygyna ünsleri çekdi. 

Ispaniýada koronawirus sebäpli soňky 1 günde 1 adamyň ýogalmagy bilen ýogalanlaryň sany 27 müň 119 adama ýetendigi mälim edildi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 137 adam artyp, 237 müň 906 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli käbir ýurtlardaky adam ýitgileri: Braziliýa 26 müň 764 adam, Belgiýa 9 müň 430 adam, Meksika 9 müň 44 adam, Germaniýa 8 müň 570 adam, Kanada 6 müň 877 adam, Gollandiýa 5 müň 903 adam, Şwesiýa 4 müň 266 adam, Peru 4 müň 99 adam, Ekwadorda 3 müň 313 adam, Şweýsariýa 1919 adam, Irlandiýa 1639 adam, Portugaliýa 1369 adam, Polşa 1038 adam, Çili 890 adam, Kolumbiýa 822 adam. 



Degişli Habarlar