Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ly kärdeşi Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Maýk Pompeo telefon söhbetdeşligi bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat berdi

1419751
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-ly kärdeşi Pompeo bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy

Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo geçiren özara telefon arkaly söhbetdeşliklerinde täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy göreş meselesini ara alyp maslahatlaşdylar. 

Telefon söhbetdeşligi bilen bagly özüniň Twitter hasabyndan beýanat beren Maýk Pompeo: "Şu gün Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen Kovid-19-a garşy göreşde ABŞ-Türkiýe hyzmatdaşlygyny ara alyp maslahatlaşmakdan hoşal boldum. Türkiýäniň we ABŞ-nyň raýatlaryny öz ýurtlaryna getirmegi we üpjünçilik meselelerinde hyzmatdaşlyk etmäge dowam ederis" diýip habar berdi. 

ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Morgan Ortagus hem telefon söhbetdeşligi bilen bagly beren ýazmaça beýanatynda, epidemiýa garşy göreşde NATO-nyň hem rolunyň hem maslahatlaşylandygyny belläp: "Ministr Pompeo şonuň bilen birlikde şahsy gorag enjamlary üçin Türkiýä minnetdarlyk bildirdi. Mundan başgada ministr Pompeo we ministr Çawuşogly ykdysady we howpsyzlyk meseleleri boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary maslahatlaşdylar" diýip mälim etdi. 

Beýleki tarapdan Mewlüt Çawuşogly Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maas bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy. 

Diplomatik çeşmelerden alynan maglumata görä, Mewlüt Çawuşogly bilen Heko Maasyň geçiren telefon söhbetdeşliginde, başda syýahatçylyk bolmak bilen koronawirus etabynda kadalaşma etaby, ÝB we sebitleýin meseleler ara alynyp maslahatlaşyldy. 



Degişli Habarlar