Ysraýylda şäriklik hökümetine garşy protest ýörüşi geçirildi

Başga bir topar hem edil şol ýerde şäriklik hökümetine goldaw berýän ýöriş geçirdi

1419216
Ysraýylda şäriklik hökümetine garşy protest ýörüşi geçirildi

Ysraýylda Premýer ministr Binýamin Netanýahu bilen Ak-Gök hyzmatdaşlygynyň lideri Benny Gantzyň ýolbaşçylygynda gurlan şäriklik hökümetine garşy protest ýörüşi geçirildi.

Ysraýylyň Parlamentinde şäriklik hökümetine ynam sesini berilmeginiň yzy ýanyndan Premýer ministrligiň öňünde protest ýörüşi geçirildi.

Ýörişde galplyk etmekde aýyplanylýan Netanýahunyň hökümete ýolbaşçylyk edip bilmejekdigi nygtaldy we Gantzyň şäriklik hökümetini kabul etmeli däldigi barada şygarlar aýdyldy.

Başga bir topar hem edil şol ýerde şäriklik hökümetine goldaw berýän ýöriş geçirdi. Iki toparyň arasynda başdan geçirlen dartgynlyga howpsyzlyk güýçleri berk garşylyk görkezdi.



Degişli Habarlar