ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 90 müň 988 adama ýetdi

Dünýäde koronawurisa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 1 million 871 müň 600 adamdan geçdı

1419471
ABŞ-da koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 90 müň 988 adama ýetdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 317 müň 200 adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 830 müň 290 adamdan, koronawurisa ýoluganyndan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 871 müň 600 adamdan geçdi. 

90 müň 988-den gowrak adam ýitgisi bilen epidemiýanyň dünýädäki güýç merkezi bolan ABŞ-da, ýurdyň Prezidenti Donald Trampyň koronawirus epidemiýasyna garşy döredilen sanjym programmasynyň başyna getiren asly marokkoly bolan amerikaly musulman lukman Monsef Slaouýa uly gyzyklanma bildirilýär. Slaoui sanjym ugrunda dünýäniň meşhur lukmanlaryň biri hökmünde tanalýar. 

Epidemiýanyň Ýewropadaky güýç merkezi bolan Britaniýada, Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 170 adam artyp, 34 müň 636 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 3 müň 142 adam artyp jemi 240 müň 303 adama ýetdi. 

Italiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 145 adam artyp, jemi 31 müň 908 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa jemi 68 müň adama ýetdi. Ýurdyň metbugatynda berilen habarlara görä ülkäniň Rieti şäherinde Kovid-19-a garşy bejergi alýan 104 ýaşyndaky bir zenanyň saglyk ýagdaýy gowulaşdy. Ýurtda şu günden başlap ybadathanalar, dellekhanalar we gözellik merkezleri, restoranlar, barlar, kafeler, muzeýler, kitaphanalar, sosial araçäk we arassaçylyk şertleriniň çäginde ýaňadandan açylmaga taýarlyk görülýän mahaly, hünärmenler täze bir epidemiýa tolkunynyň döremezligi üçin halka düzgünleri berjaý etmäge çagyrýarlar. 

Fransiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 483 adam artyp jemi 28 müň 108 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 490 adam artyp, jemi 216 müň 30 adama ýetdi. Ýurtda koronawirus sebäpli ýapylan mekdepleriň 11-nji maýda ýaňadandan açylmagyndan soň, 70 okuwçyda koronawirusyň bardygy anyklandy. 

Kovid-19-dan häzirki wagta çenli 27 müň 650 adamyň ýogalan Ispaniýada, çepçi şäriklik hökümetiň Kovid-19 epidemiýasyna garşy göreş bilen bagly kararlaryny protest etmek üçin geçirilen protestler ýurdyň çar tarapyna ýaýramaga dowam edýär. Ispaniýanyň baýdaklaryny göterýän demonstrant toparlar, hökümet tarapyndan kesgitlenen kadalaşma etabyny, adatdan daşary ýagdaýyň möhlediniň dowam etmegini we Kovid-19-da zyýan ýeten ýurdyň ykdysadyýeti bilen baglanşykly görülen çäreleri tankyt edýär. 

Koronawirus sebäpli 8 müň 49 adamyň ýogalan Germaniýada, ýurdyň daşary işler ministri Heýko Maas, Kovid-19 sebäpli dünýä derejesinde beren syýahatçylyk duýduryşlaryny 15-nji iýundan soň aýyrjakdyklaryny, onuň ýerine syýahatçylyk bilen bagly maglumat berjekdiklerini habar berdi. 

Gresiýada kadalaşma etabynda metjitler we ybadathanalar sosial araçäk düzgünlerini berjaý etmek şerti bilen ýaňadandan açyldy. 

9 müň 80 adamyň ýogalan Belgiýada, mekdepler şu gün tapgyrlaýyn häsýetde açylmaga başlandy. 

Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli 21 adamyň ýogalan Täze Zelandiýada wirusa ýoluganlaryň sany 1 müň 499 adama ýetdi, şolaryň 1 müň 433-siniň bolsa saglyk ýagdaýy gowulaşdy. Gündelik durmuşyň kadalaşmaga başlan ýurtda soňky 24 sagatda 2 müň 570 adamda geçirilen testlerde hiç hili täze waka gabat gelinmedi. Kovid-19 epidemiýasynyň ýaýramagy duran ýurtda mekdepler ýaňadandan açyldy. 

Awstraliýanyň Günorta Uels ştatynda ýene-de 1 adamyň Kovid-19 sebäpli ýogalmagyndan soň, ýogalan adamlaryň sany 99-a ýetdi. 

Käbir ýurtlarda adam ýitgileri şu aşakdaky ýaly: Braziliýada 16 müň 122 adam, Kanadada 5 müň 782 adam, Gollandiýada 5 müň 680 adam, Meksikada 5 müň 177 adam, Şwesiýada 3 müň 679 adam, Ekwadorda 2 müň 736 adam, Peruda 2 müň 648 adam, Şweýsariýada 1 müň 881 adam, Irlandiýada 1 müň 543 adam, Portugaliýada 1 müň 218 adam, Çilide 450 adam. 



Degişli Habarlar