Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 311 müň adamdam geçdi

Dünýäde koronawirusdan soň saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany 1 million 802 müň adamdan geçdi

1418677
Dünýäde Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 311 müň adamdam geçdi

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 311 müň adamdan, wirusa ýoluganlaryň sany 4 million 700 müň adamdan, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 1 million 802 müň adamdan geçdi. 

Yragyň Kürt Aawtonomiýasynyň Saglygy goraýyş ministrligi, soňky 24 sagatda koronawirus testleriniň hiç biriniň položitel çykmandygyny mälim etdi. Sebitde koronawirus sebäpli 5 adam ýogalypdy. 

Koronawirus sebäpli 3 adam ýogalan we 64 adamyň wirusa ýolugandygy anyklanan Liwiýada, ýurdyň Kesellere garşy milli merkezi, koronawirus epidemiýasynyň ýaýrama derejesiniň kesgitlenmegi maksady bilen giň-gerimli anyklaýyş işleriniň geçiriljekdigini habar berdi. 

Kovid-19 sebäpli 536 adam ýogalan, 6 müň 629 adamyň wirusa ýolugandygy anyklanan Alžirde, ýurdyň Din işler ministrligi Oraza baýramynda ýagny 24-nji maýda koronawirus sebäpli adamlaryň salamlaşmagyny we gujaklaşmagyny gadagan edýän pitiwa çap etdi. 

Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany Saud Arabystanynda 302 adama, Kuweýtde 107 adama, Katarda 15 adama ýetdi. 

Koronawirus epidemiýasy sebäpli 10 adam ýogalan Bahrende, ýurdyň Saglygy goraýyş ministrliginden berilen beýanatda, ýene-de 72 adamyň wirusa ýolukmagy bilen ýurtda koronawirusa ýolganlaryň sanynyň jemi 6 müň 654 adama ýetendigini habar berdi. 

Ýemende hökümetiň gözegçiligi astyndaky sebitlerde wirus sebäpli ýogalanlaryň sanynyň 15 adama, wirus ýoluganlaryň sanynyň bolsa 106 adama ýetendigini mälim edipdi. Ýurdyň Husiler tarapyndan gözegçilik edilýän zolagynyň Saglygy goraýyş ministri Taha El-Mutewekkil bolsa ýene-de 2 adamyň koronawirusa ýolukmagy bilen wirusa ýoluganlaryň sanynyň 4-e ýetendigini aýan etdi. 

Hindistanyň gözegçiligi astyndaky Jammu we Kaşmir sebitinde, epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 12 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 121 adama ýetdi. 

Nepalda koronawirus sebäpli ilkinji gezek adam ýitgisi çekildi. Ýurdyň paýtagty Katmandu şäherindäki hassahanalaryň birinde bejergi alýan 29 ýaşyndaky bir zenan Kovid-19 sebäpli ýogaldy. 29 million ilatly ýurtda şu günki güne çenli 281 adama wirus ýokdy. 

Ýaponiýanyň Ýokohama şäherinde koronawirus wakalarynyň hasaba alynmagy bilen fewral aýynda karantin astyna alynan Britaniýa degişli ýolagçy gämisi Diamond Princess bu ýurtdan çykdy. Epdemiýa boýunça 56 ýurtdan 3 müň 700 we ekipažy bolan gämide 13 adam ýogalypdy, 712 adama bolsa wirus ýokandygy anyklanypdy. 



Degişli Habarlar