“Iki uly howpa garşy göreşýäris. Kovid-19 we Eýran"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary, koronawirus epidemiýasyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Ysraýyla guraýar

1416328
“Iki uly howpa garşy göreşýäris. Kovid-19 we Eýran"

ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo, täze görnüş koronawirus epidemiýasyndan soň ilkinji daşary ýurt saparyny Ysraýyla guraýar.

ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň uçary Tel Awiwiň golaýyndaky Ben Gurion howa menziline gondy. Pompeo epidemiýa sebäpli özüni garşylan resmiler bilen salamlaşmady.

Maýk Pompeonyň ABŞ-nyň baýdagyna meňzeýän maska dakmagy bolsa ünsleri özüne çekdi.

Ysraýylda saparda bolmakdan hoşaldygyny aýdan Pompeo “Iki uly howpa garşy göreşýäris. Kovid-19 we Eýran. Ysraýyl bilen ABŞ şol howplara garşy bilelikde göreşer” diýdi.

ABŞ-nyň Döwlet sekretary saparynyň çäginde, Ysraýylyň Premýer ministri Binýamin Netanýahu, Ak-Gök hyzmatdaşlygynyň lideri, şäriklik hökümetiniň agzasy Benny Gantz bilen duşuşar.



Degişli Habarlar