Moskwada koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 1 adam ýogaldy
Ilkinji kesgitlemelere görä, ýangyna, saglygy goraýyş enjamlaryndaky näsazlyk sebäp boldy
1414153
Russiýanyň paýtagty Moskwada, täze görnüş koronawirus kesellileriniň bejergi alýan hassahanasynda bolan ýangynda 1 adam ýogaldy.
Rus “TASS” habarlar gullugynyň, Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň ýolbaşçylaryna esaslanýan habaryna görä, Moskwada Kovid-19 kesellileriniň bejergi alýan 6 gatly hassahananyň birinji gatynda ýangyn boldy.
Ýangynda 1 adam ýogaldy.
Şäher häkimi Sergeý Sobýan ähli kesellileriň başga hassahanalara göçürlendigini aýtdy.
Ilkinji kesgitlemelere görä, ýangyna, saglygy goraýyş enjamlaryndaky näsazlyk sebäp boldy.
Degişli Habarlar
Russiýa, Ukraina Guraýan Hüjümlerini Dowam Etdirýär
Russiýa, Kiýew bilen birlikde 6 şähere 55 raketa we 21 uçarmansyz howa ulagy bilen hüjüm gurady