Wengriýanyň Premýer ministri: "Ýewropa Bileleşigi Döwletlerini islemeýäris" diýdi

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban Kossuth atly döwlet radiosynyň hepdelik sanynda çykyş etdi

1413538
Wengriýanyň Premýer ministri: "Ýewropa Bileleşigi Döwletlerini islemeýäris" diýdi

Wengriýanyň Premýer ministri Wiktor Orban, Ýewropada käbir güýçleriň milli döwletleriň ýerine Ýewropa Bileleşigi Döwletlerini döretmek isleýändigini, emma özleriniň muňa dahyl bolmak islemeýändiklerini belledi. 

Wengriýanyň Kossuth atly döwlet radiosynyň hepdelik sanynda, gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlarynyň üstünde durup geçen Wiktor Orban, Ýewropada käbir güýçleriň milli döwletleriň ýerine Ýewropa ýurtlaryny öz düzüminde jemleýän bir imperiýa gurmak isleýändigini we Wengriýanyň hökümetiniň bolsa muny kabul etmeýänligi sebäpli tankyt edilýändigini habar berdi. 

Wiktor Orban, ýurdunyň hiç bir ýagdaýda şol imperiýanyň bölegi bolmajakdygyny belläp: "Biz Wengriýanyň Wengriýa hökmünde galmagyny isleýäris" diýip beýan etdi. 

Imperiýa tarapdarlarynyň her pursatda Wengriýanyň hökümetini gowşatmaga synanyşýanyklaryny aýdan Orban, hökümetiň bosgunlar bilen bagly syýasatynyň we adatdan daşary ýagdaý bilen bagly kanunyň hem şol sebäpli tankyt edilendigini habar berdi. 



Degişli Habarlar