Owganystandaky dartgynlyklar dowam edýär

Owganystandaky harby bazalaryň birine Talibana agza terrorçylaryň bomba ýüklenen ulag bilen guran hüjüminde 3 adam ýogaldy

1410211
Owganystandaky dartgynlyklar dowam edýär

Ýurdyň Helmand welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Ömer Zuwak, Talibana agza terrorçylaryň Helmand welaýatynyň Girişik etrabynyň Ýahçal diýilen ýerindäki harby bazany bomba ýüklenen ulag bilen nyşana alyp hüjüm gurandygyny mälim etdi. 

Hüjümde 3 howpsyzlyk gullukçysynyň ýogalandygyny aýdan Zuwak, 6 howpsyzlyk gullukçysynyň bolsa ýaralanandygyny aýan etdi. 

Terror guramasy Taliban bolsa hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne alyp, hüjümde 10-dan gowrak esgeriň ölendigini öňe sürdi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Helmand , #Owganystan

Degişli Habarlar