Owganystanyň Gazna welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Hadysada asuda ilatdan 5 adam ýogaldy

1408284
Owganystanyň Gazna welaýatynda bombaly hüjüm guraldy

Owganystanyň Gazna welaýatynyň Ender etrabynda ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň partlamagy netijesinde asuda ilatdan 5 adam ýogaldy. 

Gazna welaýatynyň gubernatorlygynyň metbugat geňeşçisi Wahidullah Jumazadeh metbugata beren beýanatynda, Ender etrabynyň Nazar Han Kale diýilen ýerinde ýoluň gyrasyna ýerleşdirilen bombanyň, asuda ilaty daşaýan ulagyň şol ýerden geçýän mahaly partlandygyny habar berdi. 

Wahidullah Jumazadeh, partlamada aralarynda çagalar hem bolan jemi 5 adamyň ýogalandygyny aýan etdi. 

Hüjümiň jogapkärçiligini entek öz üstüne alan ýok. 



Degişli Habarlar