Hamaneý Pars aýlagynda ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagy barada buýruk berdi

Eýranyň dini lideri Aýetullah Ali Hamaneý, Pars aýlagyndaky adalarda ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagy barada buýruk berdi

1407816
Hamaneý Pars aýlagynda ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagy barada buýruk berdi

Eýranyň Pars habarlar agentliginiň berýän habaryna görä, Ynkylap goragçylary goşunynyň Harby-deňiz güýçleriniň serkerdesi Ali Ryza Tengsiri, "Milli Pars aýlagy güni" mynasybetli Pars aýlagynyň ýagdaýy bilen bagly beýanat berdi. 

ABŞ-nyň harby güýçleriniň, Pars aýlagyndaky barlygynyň sebitdäki ýagdaýy durnuksyzlaşdyrýandygyny aýdan Tengsiri: "ABŞ-nyň sebitdäki bikanun barlygy howpsyzlygymyza wehim salyp biler. Elbetde biz hiç bir ýurdyň suw giňişligimizde bolmagyna rugsat bermeris" diýip belledi. 

Eýranyň dini lideri Hamaneýiň Pars aýlagyndaky adalarda ýaşaýyş ýerleriniň gurulmagy barada buýruk berendigini aýdan Tengsiri, munyň Eýranyň sebitde howpsyzlyk isleýändiginiň bir görkezijisidigini nygtady. 

Eýranyň Prezidenti Hasan Ruhani hem ýurdyň paýtagty Tähranda geçirilen Ministrler kabinetiniň mejlisinde eden çykyşynda, Pars aýlagynyň eýranlylara degişlidigi barada ABŞ-a duýduryş beripdi. 



Degişli Habarlar