Boris Jonsonyň 6-njy çagasy doguldy

Täze görnüş koronawirus bejergisinden soň, duşenbe güni işine başlan Britaniýanyň Premýer ministri Boris Jonsonyň 6-nji çagasy dünýä geldi

1407617
Boris Jonsonyň 6-njy çagasy doguldy

Boris Jonsonyň adaglysy Kerri Simondsyň şu gün irden ýurdyň paýtagty Londondaky hassahanalaryň birinde bir erkek çaga dünýä getirendigi habar berildi. 

Premýer ministr Boris Jonsonyň ozal bolsa beýleki aýallaryndan 5 çagasy bardy. 

Boris Jonson, koronawirus testi položitel çykmagyndan soň saglyk ýagdaýy agyrlaşanlygy sebäpli 5-nji aprelde hassahana ýatyrylypdy, birnäçe gün soň bolsa hassahananyň agyr keselliler bölümine geçirilipdi. 

9-nji aprelde hassahananyň agyr keselliler bölüminden çykan we 12-nji aprelde öýüne ugradylan Jonsonyň saglyk ýagdaýy gowulaşmak etaby 1 aý dowam edipdi we birnäçe gün ozal işine ýaňadandan başlapdy. 


Etiketkalar: #Britaniýa , #Boris Jonson

Degişli Habarlar