Dünýä derejesinde 50 milliondan gowrak adam ýerlerinden göçürilmäge mejbur edildi

Dünýäde çaknyşyklar, aksiýalar we tebigy apatlar sebäpli jemi 50,8 million adam, ýurtlaryň öz içinde ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçmäge mejbur boldy

1406898
Dünýä derejesinde 50 milliondan gowrak adam ýerlerinden göçürilmäge mejbur edildi

Merkezi ofisi Şweýsariýada ýerleşýän Ýurtlaryň öz içinde ýaşaýan ýerlerinden ýurdyň başga bir ýerine göçmäge mejbur edilenler merkezi "Ýurtlaryň öz içinde ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçmäge mejbur edilenleriň global habarnamasyny" çap etdi. 

Habarnamada jemi 50,8 million adamyň ýurtlaryň öz içinde ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçmäge çaknyşyklaryň, aksiýalaryň we tebigy apatlaryň sebäp döredendigini, olaryň arasyna indi bolsa koronawirusyň hem goşulyp bilinjekdigi barada duýduryş berildi. 

Habarnamada Mozambik, Malawi, Madagaskar, Zimbabwe, ABŞ, Kanada, Bangladeş we Hindistan ýaly ýurtlarda tüweleýleriň, Günorta Sudanda bolsa sil apatlarynyň 2019-njy ýylda adamlaryň öz ýaşaýan ýerlerinden başga ýerlere göçmäge mejbur bolan sebäpleriň arasynda gelýär. 

Habarnamada, Siriýa, Kongo Demokratik Respublikasy we Efiopiýa ýaly ýurtlarda bolsa her birinde 1 milliondan gowrak adamyň çaknyşyklar we hüjümler sebäpli ýurdyň bir ýerinden başga bir ýere göçmäge mejbur bolýandygy aýan edildi. 



Degişli Habarlar