Talibanyň Owganystandaky hüjümleri dowam edýär

Hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda bolsa 7 başbozaryň öldürilendigi aýan edildi

1406024
Talibanyň Owganystandaky hüjümleri dowam edýär

Owganystanyň Logar welaýatynyň Baraki Barak etrabyndaky polisiýa merkezine Talibanly başbozarlaryň guran hüjüminde 4 polisiýa işgäri ýogaldy. 

Logar welaýatynyň gubernatorlygyndan berilen beýanatda, Talibana agza terrorçylaryň Baraki Barak etrabynyň Sang Mermer polisiýa merkezine hüjüm gurandygy habar berildi. 

Hüjümde 4 polisiýa işgäriniň ýogalandygy, hüjümden soň ýüze çykan çaknyşykda bolsa 7 başbozaryň öldürilendigi aýan edildi. 


Etiketkalar: #hüjüm , #Taliban , #Owganystan

Degişli Habarlar