Germaniýada Kovid-19 bilen bagly çäklendirmelere garşy protest geçirildi

Demonstrantlar, Germaniýanyň hökümetiniň Kovid-19 bilen bagly çäklendirmeleriniň konstitutsiýadaky adaty hukuklaryň basgylaýandygyny bellediler

1405410
Germaniýada Kovid-19 bilen bagly çäklendirmelere garşy protest geçirildi

Germaniýanyň paýtagty Berlinde koronawirus epidemiýasy bilen bagly kabul edilen çäklendirmeleri protest etmek maksady bilen rugsatsyz ýagdaýda geçirilen demonstrasiýada köp sanda adam göz tussaglygyna alyndy.

Berlin şäheriniň Roza-Lýuksemburg meýdançasynda rugsatsyz ýagdaýda üýşen ýüzlerçe adam, Kovid-19 bilen bagly girizilen çäklendirmeleri protest etdi.

Polisiýa işgärleriniň giň gerimli howpsyzlyk çäreler görülen we golaýdaky ýollar ulaglar üçin ýapylan demonstrasiýada, demonstrantlar "Germaniýanyň konstitutsiýasy" diýip ýazylan şygarlar göterdiler. 

Demonstrantlar, Germaniýanyň hökümetiniň Kovid-19 bilen bagly çäklendirmeleriniň konstitutsiýadaky adaty hukuklaryň basgylaýandygyny bellediler. 

Baden-Wýurtemberg welaýatynyň Ştutgart şäherindäki  Köşk meýdançasynda hem takmynan 500 adam, Kovid-19 bilen bagly girizilen çäklendirmeleri protest etdi. 

 



Degişli Habarlar