Demirgazyk Koreýanyň lideriniň saglyk ýagdaýy näbelli bolmagynda galýar

Dünýä metbugatynyň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň saglyk ýagdaýy bilen bagly öňe sürmeleri dowam edýär

1405090
Demirgazyk Koreýanyň lideriniň saglyk ýagdaýy näbelli bolmagynda galýar

Soňky birnäçe hepde bäri saglyk ýagdaýy bilen bagly ençeme öňe sürmeler orta atylan Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň saglygy ýagdaýy bilen bagly maslahatlar bermek maksady bilen Hytaýdan birnäçe adamdan ybarat lukmanlar toparynyň şol ýurda gidendigi habar berildi. 

ABŞ-nyň metbugatynda berilen habarlara görä, Hytaýyň Komunist partiýasynyň Halkara aragatnaşyk bölüminiň ýokary derejeli resmileriniň biriniň ýolbaşçylyk etmegindäki lukmanlar toparynyň penşenbe güni Demirgazyk Koreýa gitmek üçin Pekinden ýola çykdy. 

Halkara Aragatnaşyk bölümi we Hytaýyň Daşary işler ministrligi mesele bilen bagly beýanat bermediler. 

Günorta Koreýanyň The Dong Ilbo gazedi, amerikaly bir resminiň Kim Çen Yny 15-20-nji aprel aralygynda ýurdyň Wonsan şäherinde ýeke başyna gezelenç edip ýörkä görendigini habar berdi. 

Merkezi ofisi Seul şäherinde ýerleşýän Daily NK saýty, adynyň aýan edilmegini islemedik bir çeşmä esaslanyp beren habarynda bolsa Kimiň 12-nji aprelde operasiýa geçirendigini we saglyk ýagdaýynyň kadalaşmaga başlandygyny mälim etdi. 

Günorta Koreýanyň resmi Ýonhap agentligi hökümetiň resmileriniň biriniň Demirgazyk Koreýanyň lideriniň agyr keselli bolmandygyny, Gonkong emeli hemra telewideniýesi bolsa Kimiň ölendigini öňe sürdi. 

Soňky habar hiç bir resmi tarapyndan tassyklanmady. 

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Kimiň kesellidigi baradaky öňe sürmeleriň hakykata bap gelmeýändigini bellän bolsa, ABŞ-nyň Döwlet sekretary Maýk Pompeo Fox News kanalyna beren beýanatynda: "ABŞ-nyň halky bu ýagdaýy ýakyndan gözegçilik edýändigimizi bilmeli" diýip nygtady. 

Kim Çen ynyň 15-nji aprelde, 1994-nji ýylda ýogalan ýurdyň esaslandyryjysy we şol bir wagtda atasy bolan Kim Ir Seniň dogulan gününiň 108 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmazlygy, saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky öňe sürmeleriň ýüze çykmagyna sebäp döretdi. 



Degişli Habarlar