Demirgazyk Koreýanyň lideriniň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi öňe sürüldi

ABŞ-nyň Razwedka gullugynyň resmileriniň biri CNN telewideniýe kanalyna beýanat berdi

1402533
Demirgazyk Koreýanyň lideriniň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi öňe sürüldi

ABŞ-nyň Razwedka gullugynyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň, ýüreginde geçirilen operasiýadan soň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky maglumatyň üstünde işleýändigi öňe sürüldi.

CNN telewideniýe kanalyna beýanat beren razwedka gullugynyň resmileriniň biri: "ABŞ-nyň Demirgazyk Koreýanyň lideri Kim Çen Ynyň ýüreginde geçirilen operasiýadan soň saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky maglumatyň üstünde işleýär" diýip habar berdi. 

Habarda, başga bir amerikaly resmi bolsa Kimiň saglyk ýagdaýy bilen baglanşykly maglumatyň dogrudygyny, emma saglyk ýagdaýynyň nähili derejede agyrydygyny aýtmagyň kyndygyny mälim etdi. 

Günorta Koreýanyň Ýonhap habarlar agentligi bolsa, mesele bilen baglanşykly beren habarynda, Günorta Koreýanyň razwedkasynyň, Demirgazyk Koreýanyň saglyk ýagdaýy bilen baglanşykly adatdan daşary bir ýagdaý bellige alynmandygyny aýan etdi. 

Ýonhap habarlar agentligine beýanat beren razwedka gullugynyň resmisi, Kimiň saglygynyň erbetleşendigi barada hiç hili alamat görmändiklerini belläp, Demirgazyk Koreýanyň lideriniň birnäçe gün ozal halkyň öňüne çykandygyny beýan etdi. 

Kim Çen ynyň 15-nji aprelde, 1994-nji ýylda ýogalan ýurdyň esaslandyryjysy we şol bir wagtda atasy bolan Kim Ir Seniň dogulan gününiň 108 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaralara gatnaşmazlygy, saglyk ýagdaýynyň erbetleşendigi baradaky öňe sürmeleriň ýüze çykmagyna sebäp döretdi. 



Degişli Habarlar