Makron: "Hytaýda Kovid-19 bilen baglanşykly biziň bilmeýän zatlarymyz boldy" diýdi

Emmanuel Makron, Hytaýyň koronawirus epidemiýasyna garşy göreşi bilen baglanşykly: "Hytaýda Kovid-19 bilen baglanşykly biziň bilmeýän zatlarymyz boldy" diýdi

1400171
Makron: "Hytaýda Kovid-19 bilen baglanşykly biziň bilmeýän zatlarymyz boldy" diýdi

Fransiýanyň Prezidenti Emmanuel Makron, Britaniýanyň Financial Times gazedine beren interwýusynda, Kovid-19 epidemiýasynyň üstünde durup geçdi. 

Epidemiýa bilen baglanşykly Fransiýa, Germaniýa we Italiýa ýaly ýurtlary, Hytaý ýa-da Russiýa bilen deňeşdirmegiň mümkin däldigini aýdan Makron: "Hytaýyň koronawirusa garşy göreşinde bizden has gowudygyny aýtmak üçin sada bolmalydyryn. Bilmeýaris. Hytaýda Kovid-19 bilen baglanşykly biziň bilmeýän zatlarymyz boldy" diýip nygtady. 

Epidemiýanyň sebäp döreden krizise garşy dolanşykda, ÝB-e agza iň baý ýurtlaryň has köp jogapkärçilik almalydygyny aýdan Makron: "ÝB syýasy bir taslamamy ýa-da bazarmy, şol babatynda karar bermeli bir döwüre girdik. Men syýasy bir taslamadygyny pikir edýärin. ÝB-ni has özgertmesek, Ýewro toparynyň we Ýewropa gymmatlyklarynyň ýumrulmak howpy bar. Käbirleri pida boljak bir bazara eýe bolmaly däldiris" diýip belledi. 



Degişli Habarlar