Eýranda ýasama spirtli içgi sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Gulam Hüseýin Ismaili mesele bilen bagly beýanat berdi

1393151
Eýranda ýasama spirtli içgi sebäpli ýogalýan adamlaryň sany günsaýyn artýar

Eýranda täze görnüş koronawirusdan goraýandygy baradaky gep-gürrüňlerden soň, sarp ediş mukdary artan spirtiň ýasama görnüşinden zäherlenip ýogalan adamlaryň sany 600-den geçdi. 

Eýranyň ýarym resmi habar agentligi Tesnim tarapyndan berilen maglumata görä, wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly metbugat ýygnagyny geçiren Kazyýet organynyň metbugat sekretary Gulam Hüseýin Ismaili, ýasama spirtli içgiler sebäpli ýüzlerçe adamyň ýogalandygyny habar berdi. 

Alkogolyň koronawirusdan goraýandygy baradaky gep-gürrüňlerden soň sarp ediliş mukdarynyň artandygyny we şol sebäpli adam ýitgileriniň hem günsaýyn köpelýändigini aýdan Ismaili: "Ýurtda 3 müňden gowrak adam ýasama spirtli içgilerden zäherlenen bolsa, şolaryň 600-den gowragy ýogaldy. Alkogol içmek koronawirusa garşy bejergi däldir, ol öldürijidir" diýip belledi. 



Degişli Habarlar