Putin nebit bazarlary bilen baglanşykly beýanet berdi

Putin: "Global nebit önümçiligi 10 million barrele çenli azaldylmaly we ol umumy çarçuwada ýerine ýetirilmeli" diýip belledi

1390970
Putin nebit bazarlary bilen baglanşykly beýanet berdi

Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putin, ýurdyň paýtagty Moskwa şäherinde, Kremliň we käbir ministrlikleriň resmileri bilen birlikde, Russiýanyň nebit kärhanalarynyň başlyklary bilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi. 

Global nebit bazarlaryndaky ýagdaýyň örän bulaşykdygyny aýdan Putin: "Koronawirus epidemiýasy bütin dünýäniň ykdysadyýetine öz zyýanyny ýetirdi we nebite bolan talap örän peseldi. Bu ýagdaý tehnologik hem-de ekoligik howplary özünde jemleýär" diýip nygtady. 

Azalan nebit talaby sebäpli global nebit önümçiliginiň azaldylmalydygyny aýdan Putin: "Global nebit önümçiligi 10 million barrele çenli azaldylmaly we ol umumy çarçuwada ýerine ýetirilmeli" diýip nygtady. 


Etiketkalar: #önümçilik , #nebit , #Russiýa

Degişli Habarlar