Merkel we Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Germaniýanyň Federal Kansleri Angela Merkel bilen ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp, koronawirusa garşy edip boljak hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar

1386645
Merkel we Tramp telefon arkaly söhbetdeş boldylar

Germaniýanyň hökümetiniň Şteffen Zaýbert tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, Angela Merkeliň we Donald Trampyň geçiren özara telefon arkaly söhbetdeşliginiň gün tertibiniň ileri tutulýan ugruny täze görnüş koronawirus epidemiýasynyň dünýä derejesindäki täsirleriniň emele getirendigini mälim etdi. 

Iki lideriň Kovid-19 epidemiýasy boýunça başdan geçirilen soňky hadysalar we edip boljak hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri babatynda ýakyn aragatnaşyk saklamak boýunça ylalaşandyklary habar berildi. 

Beýanatda, mundan başgada Merkeliň we Trampyň Owganystandaky parahatçylyk gepleşikleri barasynda pikir alyşandyklary, Germaniýanyň we ABŞ-nyň Owganystanda parahatçylygy we asudalygy ýola goýmak üçin bilelikde işlemäge dowam etmekleriniň gerekdigi barada ylalaşandyklary aýan edildi. 



Degişli Habarlar