Koronawirus azyndan 17 gün ýaşap bilýär

Bir zadyň üstünde 3 gün ýaşaýandygy çak edilen täze görnüş koronawirusyň, ondan 5 esse köp ýagny 17 gün ýaşap bilýändigi anyklandy

1384479
Koronawirus azyndan 17 gün ýaşap bilýär

ABŞ-nyň Kesellere gözegçilik we öňüni alyş merkezi, mesele bilen baglanşykly habarnama taýarlap, täze görnüş koronawirusyň (Kovid-19) materiallaryň üstünde, ozal aýan edilenden has köp ýaşap bilýändigini habar berdi.

Habarnamada, Ýaponiýadaky we Kaliforniýadaky gämilerde ýolagçylar boşadylanyndan 17 gün soň hem kabinalarda wirusa gabat gelinendigi aýan edildi. 

Habarnama görä hünärmenler, Ýaponiýadaky Diamond Princess we Kaliforniýadaky Grand Princess ýolagçy gämilerinde, ýolagçylar boşadylanyndan 17 gün soň hem wirusa ýolugan ýa-da wirusa ýolukmadyk ýolagçylaryň odalarynda koronawirusayň bardygyny anykladylar. 


Etiketkalar: #gämi , #ýolagçy , #koronawirus

Degişli Habarlar