Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 601 adam artyp 6077 adama ýetdi

ABŞ, Hytaýdan we Italiýadan soň koronawirus ýokaşanlaryň sany taýdan 3-nji orny eýeledi

1384044
Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 601 adam artyp 6077 adama ýetdi

 

Italiýada koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 601 adam artyp 6077 adama ýetdi.

Ispaniýada bolsa Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany bir günde 462 adam artyp 2182 adama ýetdi. Madritde ýogalanlaryň jaýlanmagy işleriniň bes edilendigi sebäpli jesetleriň morglarda däl eýsem şäherdäki buz meýdançalarynda saklanjakdygy habar berildi.

Fransiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 860, hasaba alynanlaryň sany bolsa 20 müň adama ýetdi.

Gollandiýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 213 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 4749 adama ýetdi. Ýurtda 3 adamdan köp adamyň bir ýere jemlenişmegi gadagan edildi. Gollandiýada duýduryşlary  ýerine ýetirmediklere 400 bilen 4 müň ýewronyň arasynda pul jezasynyň berilmegi üçin degişli taýarlyklar görülýär.

Germaniýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 116 adama ýetdi. Geçirlen barlagdan soň Federal Kansler Angela Merkele koronawirusyň ýokaşmandygy anyklanyldy.

Gresiýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 17, hasaba alynanlaryň sany 695 adama ýetdi. Ýurtda köçä çykmak gadagan edilipdi.

Kipriň grek böleginde koronawirus ýokaşanlaryň sany 116 adama ýetdi. Ýurtda kesgitlenen wagtlarda köçä çykmagyň gadagan edilip bilinjekdigi aýdylýar.

ÝB-niň Daşarky gatnaşyklardan we howpsyzlykdan jogapkär ýokary wekili we ÝB Komissiýasynyň başlygynyň orunbasary Borrell, “Kowid-19 deňi taýy görülmedik halkara krizis” diýdi.

ÝB-ne agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri bilen wideokonferensiýa arkaly maslahat geçiren Borrell, maslahatdan soň beren beýanatynda “Pandemiýa garşy halkara derejesinde göreşilmeli” diýdi.

Beýleki tarapdan ÝB-ne agza ýurtlar, Kowid-19 pandemiýasy sebäpli döwlet eýeçiligindäki edaradyr kärhanalaryň çykdajylarynyň çäklendirilmegi baradaky kararyň wagtlaýyn saklanandygyny mälim etdi.

Britaniýada Kowid-19 sebäpli 335 adam ýogaldy. Dükanlardan we dermanhanalardan daşary söwda maksatly ähli iş ýerleriniň ýapylmagy barada karar kabul edildi. Halka diňe zerur halatynda daşary çykmaklary üçin rugsat beriljekdigi mälim edildi.

Şweýsariýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 112, hasaba alynanlaryň sany bolsa 8549 adama ýetdi. Federal hökümet 5-den köp adamyň birlikde köçä çykmagyny gadagan etdi.

Awstrýada ýogalanlaryň sany 21, hasaba alynanlaryň sany 3924 adama ýetdi.

Demirgazyk Makedoniýada Kowid-19 sebäpli sebäpli hasaba alynanlaryň sany 139, Albaniýada 104, Kosowada 61, Bosniýa-Gersogowinada 130 adama ýetdi.

ABŞ, Hytaýdan we Italiýadan soň koronawirus ýokaşanlaryň sany taýdan 3-nji orny eýeledi. ABŞ-da Kowid-19 sebäpli sebäpli ýogalanlaryň sany 585, hasaba alynanlaryň sany bolsa 46 müň 367 adama ýetdi. Halka zerur bolmadykça daşary çykmazlyklary üçin çagyryş berildi. Waşingtonda pandemiýa sebäpli iş ýerleriniň ýapylmagy barada görkezme berildi.

Latyn Amerikada häzire çenli Kowid-19 sebäpli Braziliýada 34, Ekwadorda 18, Peruda 5, Panamada 5, Argentinada 4, Kolumbiýada 3, Çilide 2, Meksikada 2, Kosta Rikada 2, Kubada 1 bolmak bilen jemi 72 adam ýogaldy.

Meksikanyň Prezidenti Obrador halka Kowid-19 sebäpli köça çykmazlyklaryny maslahat berdi.

Kubada galan syýahatçylaryň Kowid-19 sebäpli myhmanhalaryndan daşary çykmaklary gadagan edildi.

Kanada-da hem Kowid-19 sebäpli ýogalanalryň sany 24, hasaba alynanlaryň sany bolsa 2035 adama ýetdi. Premýer ministr Trýuda, berlen duýduryşlary ýerine ýetirmeýän halka “İndi besdir, gidiň öýüňize we daşary çykmaň” diýip ýüzlendi.

Awstraliýada bolsa Kowid-19 sebäpli ýogalanalryň sany 8 adama ýetdi.

 

 

 


Etiketkalar: #ABŞ , #Italiýa , #koronawirus

Degişli Habarlar