Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýedäki bosgunlar bilen bagly beýanat berdi

Germaniýanyň Daşary işler ministri Heýko Maas, Türkiýäni köp sandaky bosgun bilen ýalňyz goýulmaly däldigini belledi

1383664
Germaniýanyň Daşary işler ministri Türkiýedäki bosgunlar bilen bagly beýanat berdi

Heýko Maas, ÝB-e agza ýurtlaryň Daşary işler ministrleriniň arasynda geçirilen wideoşekilli göni aragatnaşyk arkaly iş maslahatyndan soň, metbugat işgärlerine beýanat berdi. 

Türkiýäniň 4 million bosguna ýer eýeçiligini edýändigini aýdan Maas, şol sebäpli ÝB-nyň Türkiýe bilen 2015-nji ýylda ylalaşyk baglaşandygyny ýatlatdy. 

Maas, Türkiýe bilen ÝB-niň arasynda bu ylalaşykdaky düşünişmezçilikleri ortadan aýyrmak maksady bilen türk resmiler bilen gepleşikler geçirýändiklerini habar berdi. 

Taraplaryň ylalaşygyň düzgünlerini berjaý etmelidigine ünsleri çeken Maas: "Biz muňa taýardyrys. Türkiýäni esasan hem Siriýadan gelen köp sanda bosgun bilen ýalňyz goýup bolmajakdygyny hem kabul edýäris" diýip nygtady. 



Degişli Habarlar