Eýranda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1812 adama ýetdi

Günorta Koreýada 93 ýaşyndaky keselliniň koronawirusdan sagalmagy ünsleri özüne çekdi

1383670
Eýranda Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 1812 adama ýetdi

.

Eýranyň dini lideri Ali Hamaneýiň ogly Meýsemiň aýalynyň ejesi Seýýide İzzet Hamuşiniň hem Kowid-19 sebäpli ýogalandygy habar berildi. Wirus ýokaşanlaryň sany bolsa 23 müň 49 adama ýetdi.

Yrakda täze koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 24 adama ýetdi. Ýurtda köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi 29-njy marta çaenli uzadyldy. Howpsyzlyk we saglygy goraýyş işgärlerinden daşary ähli resmi edaralar ýapyldy.

Günorta Koreýada Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 111 adama, hasaba alynanlaryň sany bolsa 8961 adama ýetdi. 93 ýaşyndaky keselliniň koronawirusdan sagalmagy bolsa ünsleri özüne çekdi.

Palestinanyň Prezidenti Mahmud Abbas, Kowid-19 pandemiýasy sebäpli jezasynyň ýarysyny tamamlan tussaglylar üçin günä geçirişlik yglan etdi. Palestinada resmi görkezijilere görä, 59 adam Kowid-19 sebäpli hasaba alynady.

Ysraýylyň Saglygy goraýyş ministri koronawirus ýokaşanlaryň sanynyň1442 adama ýetendigini we kesellilerden 29-nyň ýagdaýynyň agyrdygyny mälim etdi.

Koronawirus ýokaşanlaryň sany Maldowada 109, Azerbaýjanda 61, Gyrgyz Respublikasynda 16, Ukrainada 73, Ermenistanda 194, Gruziýada 61 adama ýetdi.

Saud Arabystanynyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus ýokaşan 562 adamdan 19-nyň sagalandygyny habar berdi.

Tunisde Kowid-19 sebäpli hasaba alynanlaryň sany 89, Marokkoda 143, Omanda 66, Koweýtde 189, Katarda 501 we Iordaniýada 128 adama ýetdi.

Filippinde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 33, hasaba alynanlaryň sany bolsa 396 adama ýetdi. Ýurtda adatdan daşary ýagdaý yglan edildi.

Hindistanda bolsa Kowid-19 sebäpli 8 adam ýogaldy, 425 adam hasaba alyndy. Pandemiýa sebäpli üstümizdäki aýyň ahyryna çenli ýurtda köçä çykmak gadagan edildi.

Afrika ýurtlarynda koronawirus sebäpli hasaba alynanlaryň sany 1436, ýogalanlaryň sany bolsa 46 adama ýetdi.

 

 



Degişli Habarlar