Italiýada Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli 5 müň 476 adam ýogaldy

Italiýa täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy göreşde adam ýitgileriniň öňüne geçip bilenok

1382932
Italiýada Kovid-19 sebäpli häzirki wagta çenli 5 müň 476 adam ýogaldy

Koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany ýene-de 651 adam artyp, jemi 5 müň 476-a ýeten Italiýada, ýurdyň içindäki transport hyzmaty çäklendirilip, adamlara ýaşaýan etrapçalaryndan daşyna çykmak gadagan edildi. Ýurtda häzirki wagta çenli 60 müňe golaý adam koronawirusa ýolukdy. 

Ispaniýada bolsa soňky 24 sagatda täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany ýene-de 394 adam artyp, ýurtda Kovid-19 sebäpli jemi ýogalan adamlaryň sany 1 müň 772-ä ýetdi. 

Fransiýada täze görnüş koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 674-e ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany ýene-de 1559 adam artyp, jemi 16 müň 18 adama ýetdi. 

93 adam ýogalan Germaniýada, ýurdyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Şteffen Zaýbert, Federal Kansler Angela Merkele anna güni gorag maksady bilen pnewmaniýa sanjymyny eden lukmanyň Kovid-19 testiniň položitel çykandygyny, şol sebäpli Merkeliň öz öýünde karantin astynda saklanmak barada karara gelinendigini habar berdi. Germaniýada şeýle hem maşgalalar we şol bir öýde ýaşaýanlardan daşary 2 adamdan köp adamlaryň bir ýere üýşmegi gadagan edildi. 

Gollandiýada ýogalanlaryň sany 43 adam artyp, jemi 179-a, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 573 adam artyp, 4 müň 204-e ýetdi. 

Gresiýada adam ýitgisiniň 15-e, wirusa ýoluganlaryň sanynyň bolsa 624-e ýetmegi bilen ýerli wagt bilen sagat 06:00-dan başlap adatdan daşary ýagdaýlardan daşgary köçä çykmak gadagan edildi. 

Bosniýa-Gersegowinada bolsa koronawirusa ýolugan adamlaryň sany 94-e ýetdi. Bosniýa-Gersegowinada ýerli wagt bilen sagat 18:00-dan sagat 05:00-a çenli köçä çykmak gadagan edildi.

Kosowada we Demirgazyk Makedoniýada koronawirus sebäpli ilkinji gezek adamlar ýogaldy. 

Serbiýada koronawirus ýokan adamlaryň sany 222-ä, Horwatiýada 253-e, Sloweniýada 383-e we Albaniýada 89-a ýetdi. 

Polşanyň Saglygy goraýyş ministrligi koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sanynyň 7-a, wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň bolsa 563-e ýetendigini habar berdi. 

Britaniýada koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 281-e, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 5 müň 683-e ýetdi. 

ABŞ-de Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 391-e, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 32 müň 801-e ýetdi. 

Kanadada koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 19-a adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 1 müň 298-e ýetdi. 



Degişli Habarlar