Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 14 müňe ýetdi

Dünýäde täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasy sebäpli ýogalan adamlaryň sany 14 müň 704-e, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 330 müňe ýetdi

1382929
Dünýäde koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 14 müňe ýetdi

Wirusyň ilkinji gezek ýüze çykan ýeri bolan Hytaýda, ýogalan adamlaryň sany 3 müň 270-e, wirusa ýolugan adamlaryň sany bolsa 81 müň 54-e ýetdi. 

Eýranda bolsa koronawirus sebäpli ýogalan adamlaryň sany 1 müň 685-e ýetdi. 

Yrakda Kovid-19 sebäpli ýogalan adamlaryň sany 20-ä, wirus ýokan adamlaryň sany bolsa 233 hökmünde bellige alyndy. Ýurtda köçä çykmak gadagançylygynyň möhledi ýene-de 1 hepde uzadyldy. 

Palestinanyň Premýer ministri Muhammed Yştiýýe, täze görnüş koronawirus (Kovid-19) epidemiýasyna garşy görülýän çäreleriň çäginde, lukmanlar, dermanhananyň işgärleri we çörek bişirilýän pekarnalaryň eýelerinden daşary ähli adamlar üçin düýn ýerli wagt bilen sagat 22:00-dan başlap köçä çykmak gadagançylygynyň güýje girendigini habar berdi. 

Koronawirus sebäpli 1 adamyň ýogalan Ysraýylda, wirusa ýolugan adamlaryň sany 18-siniň ýagdaýy agyr bolmak bilen jemi 1 müň 71-e ýetdi. 

Liwanda wirusa ýolugan adamlaryň sany 230-a ýetdi, ýurdyň Premýer ministri Hassan Diýab raýatlara öýlerinden çykmazlyklary barada çagyryş berdi. 

Kovid-19 sebäpli adam ýitgisiniň 15-e we wirus ýokan adamlaryň sanynyň 139-a ýeten Alžirde, ýurdyň Saglygy goraýyş ministri Abdurrahman bin Buzýid: "Iň erbet ssenariýe taýarlyk görýäris" diýip habar berdi. 

Tunisde koronawirusdan ýogalan adamlaryň sany 3-e, wirusa ýolugan adamlaryň sany 75-e ýetip, ýurtda şu günden başlap 4-nji aprele çenli köçä çykmak gadagan edildi. 

Senegalda wirusa ýolugandygy anyklanan adamlaryň sany 56-a, 1 wakanyň gabat gelinen Çatdaky tussaglylar bolsa ýurtda koronawirus aladalary dowam edýän mahaly tussaghanadan gaçdylar. 

Siriýada daşary ýurtdan gelen 1 adamda, ýurdyň ilkinji koronawirus wakasyna gabat gelinendigi habar berildi. 

10 adamyň ýogalan Malaýziýada Kovid-19 bilen kesellän adamlaryň sany bolsa 1 müň 306 ýetdi. Malaýziýada goşun, halkyň gündelik işlerini çäklendirmek bilen bagly gollanmany has hem ýola goýmak üçin wezipä başlady. 

Koronawirusa ýolugan adamlaryň sany Marokkoda 104-e, Saud Arabystanynda bolsa 511-e ýetdi. 



Degişli Habarlar